SPORT

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Norwegiýanyň milli futbol ýygyndysy Italiýanyň ýygyndysyny 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda 4:1 hasaby bilen ýeňip, ýaryşyň final bölegine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Antonio Nusa (63-nji minut), Erling Holand (78-nji we 80-nji minutlar) hem-de Ýörgen Larsen (90+3) tapawutlandy. Italýanyň toparyndan bolsa Françesko Esposito (11-nji minut) gol geçirdi.

Norwegiýanyň ýygyndysy 8 oýunda 24 utuk toplap, “I” toparçada birinji orny eýeledi. Italiýanyň topary 18 utuk bilen ikinji orunda galdy. Italiýalylar dünýä çempionatyna çykmak hukugyny pley-off duşuşyklarynda gazanmaga synanyşarlar. Italiýanyň milli ýygyndysy dünýäniň dört gezek çempiony bolsa-da, soňky iki dünýä çempionatyna çykyp bilmändi.

Norwegiýanyň ýygyndysy soňky gezek 1998-nji ýylda dünýä çempionatyna gatnaşypdy. Fransiýada geçirilen şol ýaryşda norwegiýalylar 1/8 finala çykyp, şol ýerde italiýalardan 0:1 hasaby bilen ýeňildiler.

Norwegiýa dünýä çempionatyna gatnaşmagy hukuk gazanan 32-nji topar boldy. Mundan ozal bu hukuga Meksika, ABŞ, Kanada (hemmesi —ýer eýeleri), Ýaponiýa, Eýran, Günorta Koreýa, Iordaniýa, Awstraliýa, Özbegistan, Täze Zelandiýa, Argentina, Ekwador, Braziliýa, Kolumbiýa, Urugwaý, Paragwaý, Marokko, Tunis, Müsür, Alžir, Gana, Kabo-Werde, Günorta Afrika Respublikasy, Katar, Angliýa, Saud Arabystany, Senegal, Kot-d’Iwuar, Fransiýa, Horwatiýa we Portugaliýa gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýene-de okaň

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy