Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi.
“Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde institutlaryň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň giňden rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, döwlet Baştutanymyz dabarada eden çykyşynda belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna uly ornuň degişlidigini belläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy.

“Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär. Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.
Bellenilişi ýaly, açylyp ulanmaga berilýän bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumydyr. 5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär. Täze institutyň binalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Ol ýerde professor-mugallymlaryň bilim işini has-da döwrebap guramagy, talyp ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy.

BINAGÄRLIK INSTITUTY HALKARA STANDARTLARYNA LAÝYK BOLDY
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. «Cert International» guramasynyň adyndan instituta ISO-nyň 5 sany halkara standartyna laýyklyk güwänamalaryň gowşuryldy.
Döwrebap bilim ojagy täze binalar toplumynyň hil dolandyryş ulgamyna degişli ISO 9001:2015 halkara standartyna; daşky gurşawy dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 14001:2015 halkara standartyna; zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak dolandyryş ulgamyna degişli ISO 45001:2018 halkara standartyna; bilim guramalary üçin dolandyryş ulgamyna degişli ISO 21001:2018 halkara standartyna; maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 27001:2022 halkara standartyna laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara güwänamalary gowşurdy.
Ýokary okuw mekdebine «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň derejesi berilýär. Bu bolsa instituta «Certiport» halkara güwänamasyna laýyklykda synaglary geçirmäge we talyplardyr hünärmenlere öz hünär hem-de sanly başarnyklaryny halkara ykrar edilen standartlar boýunça tassyklamaga mümkinçilik döreder.

Üstümizdäki okuw ýylynda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2 sany orta mekdep, 1 sany çagalar bagy, Ahal welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Balkan welaýatynda 2 sany orta mekdep we 2 sany çagalar bagy, Daşoguz welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty we 2 sany orta mekdep, Mary welaýatynda 1 sany orta mekdep açylyp ulanmaga berildi.
