BILIM

Gruziýa Türkmenistanda uniwersitetleriniň biriniň şahamçasyny açmagy teklip etdi

Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda saparda bolýar. Ol saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyk dostlukly we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Gruzin tarapy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, türkmen ýaşlarynyň Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikleri giňeltmek, Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmek, bilelikdäki ylmy taslamalary goldamak we maliýeleşdirmek, şeýle hem Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki ýurtda gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak, talyp alyş-çalyşlaryny, ýaş alymlaryň duşuşyklaryny hem-de bilelikdäki bilim, ylmy we innowasion taslamalary ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Kandidatlyk:Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ukraina ylym, bilim we atçylyk babatda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekişdi

Döwlet gullugy akademiýasy birnäçe şahadatnama mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri