Altyn güýzüň ilkinji gününde ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan «Ilkinji jaň» dabaralary hemmeler, aýratyn-da, 1-nji synpa gadam goýan çagalar üçin tolgundyryjy boldy. Umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini Bilimler we talyp ýaşlar gününiň toý ruhy gurşap aldy. 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze bilim ojaklarynyň döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylygyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Bu barada “Tükrmenistan” gazetinde habar berilýär.
AŞGABATDA
Baş şäherimizde täze okuw ýylyna ýokary taýýarlykly hem-de ruhubelentlikde girişildi. Döwrebap umumybilim ojaklarynda güýzüň ilkinji säheri aýdym-sazlar, buýsançly gutlaglar bilen garşylanyldy. Paýtagtymyzyň ak mekdeplerinde şu okuw ýylynda 213 müň 361 okuwçy bilim alar. Olaryň arasynda 1-nji synpa kabul edilen 17 müň 145 okuwça Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy has-da ýatda galyjy boldy.
ARKADAG ŞÄHERINDE
«Akylly» şäheriň umumybilim berýän mekdeplerinde 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary geçirildi. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basan 650-ä golaý 1-nji synp okuwçysyna hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan «Bilimli» atly noutbuklaryň gowşurylmagy olarda egsilmez şatlyk döretdi.
AHALDA
Welaýat boýunça şu ýyl ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlän 6 ýaşly çagalaryň 18 müňe golaýyna «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy olaryň şatlygyny artdyrdy. Welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda işe başlan 900-den gowrak ýaş hünärmeniň durmuşynda-da şanly sene aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew geňeşliginiň Gökdepe obasynda 2 gatly, 960 orunlyk orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi bilimler baýramçylygyna özboluşly sowgat boldy. Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde «Hyrydar» hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barlan 320 orunlyk täze çagalar bagy-da körpe nesle gapylaryny giňden açdy.
BALKANDA
Täze okuw ýylynda Hazarýaka sebitiň ak mekdeplerinde 9 müňden gowrak çaga birinji synpa gadam goýdy. Olaryň her biri özlerine gowşurylan «Bilimli» atly noutbugy hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň baýramçylyk sowgady hökmünde kabul etdiler.
Şu okuw ýylynda Balkanda 165 sany umumybilim edarasynda 7 müňden gowrak mugallym 130 müňden gowrak çaga bilim-terbiýe berer. Bilim işgärleriniň 500-den gowragy ilkinji gezek zähmet ýoluna başlan ýaş mugallymlardyr.
DAŞOGUZDA
Demirgazyk sebitde 532 sany orta mekdebiň gapysyndan alty ýaşly çagalaryň 27 müňe golaýy gadam goýdy. «Bilimli» atly öwrediji noutbuklar körpeleri bilimler dünýäsinde täze belentliklere alyp gider. Olaryň gunduz ýaly arassa okuw otaglarynda ilkinji sapaklar täsirliligi bilen tapawutlandy.
LEBAPDA
2026-2027-nji okuw ýylynda welaýat boýunça körpeleriň 20 müň 674-si 1-nji synpa okuwa bardy. Olaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuklar gowşuryldy.
MARYDA
Ak mekdeplere birinji synpa kabul edilen bagtyýar körpeleriň 27 müň 605-sine döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan öz ýurdumyzda öndürilen täze, döwrebap «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi olaryň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy.
