BILIM

10 aýlyk okuwlar size garaşýar

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi aşakdaky ugurlar boýunça gysga möhletli (we hünär taýýarlygy) okuwlara kabul edýändigini yglan edýär

1) Buhgalter — 10 aý.

2) Bank işiniň operatory — 10 aý.

3) Işewürlik we telekeçilik — 10 aý.

4) Işewürlik-informatika — 10 aý.

Okuwlara 35 ýaşa çenli, orta bilim, goşmaça ýokary we ýörite orta bilim hakyndaky resminamasy bar bolan raýatlar kabul edilýär. Okuwlar tölegli.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry 2020-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Okuwlar 1-nji sentýabrda başlanýar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada müdiriň adyna ýazylan arza;

— umumy orta bilim baradaky resminamanyň (diplomyň) göçürmesi;

— pasportynyň, pasport almadyklar üçin dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi;

— saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 ölçegdäki sekiz sany surat;

— zähmet depderçesiniň göçürmesi (iş tejribesi bolanlar üçin);

— harby bölümde hasapda durýandygy barada resminama (oglanlar üçin).

 Salgysy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 1972-nji (Ata­türk) kö­çe­si­niň 73-nji ja­ýy. Te­le­fon bel­gi­si: 48-62-47.

Ýene-de okaň

Türkmen küştçisi Mähri Agamuradowa Aktobedäki ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň uniwersiteti daşary ýurtly uniwersitetler bilen täze ähtnmalara gol çekdi

Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025–2026» bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldylar