MEDENIÝET

Magtymguly hakyndaky türkmen-özbek filmi Sankt-Peterburgdaky kinofestiwalda görkeziler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinoçylarynyň bilelikde döreden «Magtymguly Pyragy» çeper filmi Sankt-Peterburg şäherinde 20–22-nji awgust aralygynda geçiriljek VII Halkara “Lendoc Film Festival” (LEFF) kinofestiwalynyň resmi maksatnamasyna girizildi. XVIII asyryň beýik şahyry we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp surata düşürilen taryhy-biografik film Ýewraziýa giňişliginiň esasy kino forumlarynyň birinde sebitiň medeni mirasyny tanyşdyrar.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bilen Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň bilelikde durmuşa geçiren bu taslamasyna režissýor Muzaffarhon Erkinow ýolbaşçylyk etdi. Filmde şahyryň şahsyýetiniň kemala gelşi, Buhara we Hywa medreselerinde bilim alşy, şeýle hem halklaryň agzybirligine we jebisligine bolan üznüksiz ymtylyşy barada gürrüň berilýär. Filmdäki baş keşbi ýaş türkmen aktýory Ahmet Amandurdyýew ýerine ýetirdi.

«Magtymguly Pyragy» filmi eýýäm halkara meýdançalarynda hünärmenleriň we tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Film Aşgabatda geçirilen «Gorkut Ata» halkara kinofestiwalynda «Iň gowy çeper film» ugry boýunça baş baýraga mynasyp boldy. Şeýle hem Türkiýede geçirilen «Turan» kinofestiwalynda birinji baýragy, Londondaky “ECG Film Festival” festiwalynda tomaşaçylaryň söýgüsi baýragyny gazandy. Mundan başga-da, film Almatydaky «Ýewraziýa» we Kazandaky «Altyn Minbar» kinofestiwallarynyň bäsleşik maksatnamalaryna girizildi.

LEFF 2026 kinofestiwaly Türkmenistan, Özbegistan, Russiýa, Hytaý, Hindistan, Eýran we Belarus ýaly 13 ýurtdan 40 sany çeper we dokumental filmi bir ýere jemlär. Festiwalyň guramaçylary bilelikdäki kino önümçiliginiň we halkara taslamalarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýärler. Magtymguly hakyndaky film bolsa döwletleriň arasyndaky üstünlikli döredijilik hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly hökmünde çykyş edýär.

Related posts

Şa gyzy Diananyň switeri 1,1 million dollara satyldy

Ata Watan Eserleri

“Gyzyl kürte” filmi rus tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçiriler