Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi milli teatr sungatynyň gözbaşlary we häzirki zaman gazananlary barada gürrüň berýän 30 minutlyk «Teatr – meniň ykbalym!» atly çeper-publisistik filmiň üstünde iş alyp barýar. Filmiň sahnalaşdyryjy režissýory Rahymberdi Annagulyýew, ssenariýanyň awtory Baýmyrat Musaýewdir.
Täze film türkmen sahnasynyň kemala geliş ýoluny hronologik tertipde gaýtadan janlandyrar. Tomaşaçylar hünär teatr sungatynyň elementleriniň gadymy Nusaýda, Oguz han eýýamynyň däp bolan atly ýaryşlarynda hem-de Margiananyň we Dehistanyň medeni merkezlerinde nähili dörändigini görerler.
Surata düşüriliş işleri tutuş ýurduň teatr kartasyny öz içine alar. Filmde paýtagtyň öňdebaryjy sahnalary — Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry, Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry, Döwlet gurjak teatry, Mollanepes adyndaky talyplar teatry we A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryndaky işler açylyp görkeziler.
Aýry-aýry sýujetler Balkan, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň we Arkadag şäheriniň döwlet drama teatlaryna bagyşlanar.
Filmiň merkezinde türkmen sahnasynyň binýadyny goýan görnükli aktýorlar, režissýorlar we suratkeşler durlar. Filme üýtgeşik arhiw kadrlary, spektakllardan bölekler we ussatlaryň ýatlamalary giriziler.
Täze taslama teatryň ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde iň möhüm edara bolup galýandygyny ýatlatmaga gönükdirilendir. Filmiň 2026-njy ýylyň güýzünde tomaşaçylara hödürlenmegi meýilleşdirilýär.
