MEDENIÝET

Türkmenistan bilen Eýran bilelikde sergi geçirer

14-15-nji dekabrda Mary welaýatynyň Mary şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň bilelikdäki sergisi geçiriler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasy habar berýär.

Serginiň dowamynda mozaika we amaly-haşam sungaty boýunça ussatlyk sapaklary, konsert dabaralary, medeni çykyşlar we beýleki çäreler bolar.

Çärä Eýranyň «Zendegiýe Aýinie Mazändäran» saz topary, iki ýurduň senetçileri, amaly-haşam sungatynyň wekilleri gatnaşarlar.

14-nji dekabrda Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtäba Ruzbehaniniň we Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda serginiň açylyş dabarasy bolar. Çäre sagat 11:00-da başlaýar.

Şeýle-de şol gün Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň dostluk konserti bolar. Konsert sagat 18:00 – da başlaýar.

Dabaralar 15-nji dekabrda hem dowam eder.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär