JEMGYÝET

Ýanwar-noýabr aýlary: Türkmenistanyň Prezidenti 14 döwletde saparda boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijelerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hasabatdan görnüşi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasyna, Bahreýn Patyşalygyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Katar Döwletine, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Wengriýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna we Birleşen Arap Emirliklerine döwlet, resmi we iş saparlaryny amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlikleri geçirdi. Hasabat döwründe dürli derejede, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Resminamalaryň 250-sine gol çekildi. Bular Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Petronas” bilen Hazar deňzindäki toplumlary özleşdirmek boýunça şertnama baglaşar

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady