Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady. Ylmy maslahata Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Ferdöwsi uniwersitetinden hem wekiliýet gatnaşýar.
Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine we onuň çäklerinde ylmy maslahata dünýäniň köp ýurtlaryndan alymlar, lukmanlar we hünärmenler, şeýle hem derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, sport we ylym-bilim maksatly tehnologik önümleri öndürýän hem-de hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Şeýle hem «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň açylyş gününde Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Ferdöwsi uniwersiteti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekmeklik dabarasy geçirildi.

Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Ferdöwsi uniwersitetiniň rektory Jawan Jafari Bojnordi Abdolreza we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi hem gatnaşdy. Bu ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň arasynda ylym-bilim pudagy babatynda hyzmatdaşlyklaryň has-da ösdürilmegine, türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda pars dili we edebiýatynyň okadylyşynyň kämilleşmegine uly itergi berer.
