BILIM

Lebapda bir günde 6 müň orunlyk üç täze bilim ojaklary açyldy

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Lebap welaýatynda birbada üç sany iri bilim desgasy ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň talyba niýetlenen täze binalar toplumy, şeýle jemi 1 müň okuwçy orunlyk iki sany täze orta mekdep bar.

Şeýlelikde, bir günüň dowamynda welaýatda bilim edaralarynyň kuwwaty jemi 6 müň orna çenli artdy.

Täze desgalaryň Bilimler we talyp ýaşlar gününde açylmagy 2026–2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen utgaşdy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem şu okuw ýylynyň birinji ýarymynda Lebapda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze toplumynyň we iki orta mekdebiň işe başlamagynyň meýilleşdirilendigini habar beripdi.

Related posts

Türkmenistanda aspirantura, doktorantura, ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklandy

Türkmenistanda daşary ýurt diplomlary ykrar etmek barada bildiriş

GDA agza ýurtlar: diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepler

Ata Watan Eserleri