BILIM

Lebap welaýatynda täze mekdep gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmagy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynda 400 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ussa Tirkeş” hususy kärhanasy bilen umumybilim berýän mekdep üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, olaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak işlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Related posts

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2025/2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

Koreýanyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

Russiýa : Merkezi Aziýa ýurtlaryndan okadyljak talyplaryň sanyny köpeltmek