BILIM

Türkmenistanda Hytaýyň Lu Ban ussahanasynyň işi ýola goýlar

2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri hökmünde özara tejribe alyşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldiler.

Iş saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyndan gelen professorlar bir hepde uniwersitetiň ýaş mugallymlary üçin informatika we amaly geologiýa ugurlary boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler.

Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ugurdaş daşary ýurt uniwersitetleriniň tejribesini öwrenmeklik uly ähmiýete eýedir.

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar