BILIM

8 – 9-njy synplary üçin proýektirlemegiň esaslary dersi giriziler

Täze  okuw ýylyndan başlap, umumybilim berýän orta mekdepleriň 8 — 9-njy synplary üçin proýektirlemegiň esaslary dersi giriziler. Integrirlenen häsiýetli bu dersiň okuwçylaryň kompýuter taslamalaryny işläp taýýarlamak endiklerini hem-de başarnyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar diýlip Rüstem Hojageldiýewiň «Mugallymlar gazetinde» çykan makalasynda aýdylýar.

Makalada şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde şu okuw ýylyndan başlap, täze hünärleriň 30-dan gowragy girizilýär. Hususan-da, mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda täze hünärleriň birnäçesi girizildi. Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi tölegli esasda bakalawrlary we magistrleri taýýarlamagyň gerimini hem giňeldýär. Munuň özi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda barha döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip bellenip geçilýär.

Related posts

Özýegin uniwersiteti: emeli intellekt hem-de maglumat inženerçiligi ugurlary boýunça bakalawr maksatnamalaryny açdy

Ata Watan Eserleri

Dalaşgär-2026: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Ýaş uniwersitetleriň reýtingi 2023: netijeler yglan edildi