SPORT

Luka Modriç “Milan” toparyna geçdi

Horwatiýaly futbolçy Luka Modriç erkin futbolçy hökmünde Italiýanyň “Milan” toparyna geçdi. Ol 13 ýyl çykyş eden Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň düzüminden çykdy.

39 ýaşyndaky ýarymgoragçy lukmançylyk barlaglaryndan geçip, italýan topary bilen 1 ýyl uzaltmak şerti bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ozal hem habar berleşine görä, horwat futbolçy Italiýada möwsüm üçin 3-3.5 million ýewro gazanar.

Modriç ispan topary bilen 28 kubok gazandy. Ol 6 gezek Çempionlar ligasynyň çempiony boldy. Şeýle hem ol “Real Madrid” toparynyň iň köp kubok gazanan futbolçylarynyň biridir.

Luka Modriç 2018-nji ýylda “Altyn top” baýragyny hem gazanypdy.

Horwat futbolçy şol bir wagtda ozal Angliýanyň “Tottenhem” toparynda hem-de Horwatiýanyň “Dinamo” toparynda çykyş edipdi.

Modriç Horwatiýanyň milli ýygyndysy bilen 2018-nji ýylda dünýä çempionatynda kümüş, 2022-nji ýylda dünýä çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy