SPORT

“El-Klasiko”: “Real Madrid” 2:1 hasabynda ýeňdi

Şu gün Aşgabat wagty bilen 19:15-de Ispaniýanyň çempionatynyň 11-nji hepdesindäki duşuşyklaryň çäklerinde “El-Klasiko” duşuşygy geçirildi. “Barselona” topary “Olimpik Lýuis Kompanis” stadionynda “Real Madrid” toparyny kabul etdi.

Duşuşygyň eýýäm 6-njy minutynda Ilkaý Gündogan bilen “Barselona” topary öňe saýlandy. Ilkaý Gündogan “El-Klasikoda” ilkinji goluny geçirdi.

“Real Madrid” topary duşuşygyň ikinji ýarymynda Jud Bellingem 68-nji we 90-njy minutlarda gol geçirip, “Realyň” ýeňşine uly goşant goşdy.

Jud Bellingem “Madridiň” düzümine 13 duşuşykda 12 gol geçirdi. Şeýle hem ol “El-Klasikoda” toparynyň 300-nji goluny öz adyna ýazdyrdy.

Hawiniň ýolbaşçylygyndaky “Barselona” topary “El-Klasikoda”  bassyr 2-nji gezek ýeňildi.

Resmi duşuşyklarda “Real Madrid” topary 103 gezek ýeňiş gazanan bolsa, “Barselona” topary 100 duşuşykda garşydaşyny ýeňdi we 52 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

“Real” bilen “Barselonanyň” arasynda umumy duşuşyklaryň netijesi 426:416, madridlileriň peýdasynadyr.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy