SPORT

Messi “PSŽ” toparynda galýar

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan Lionel Messiniň ýene-de azyndan bir möwsüm häzirki çykyş edýän Fransiýanyň “PSŽ” toparynda galjakdygy mälim edildi.

Berlen habara görä, taraplaryň arasynda sertnamanyň möhletini uzaltmak babatda ylalaşygyň gazanylandygy bellenilýär. Messiniň fransuz topary bilen şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

Ýöne entek, Messi bilen toparyň arasynda aýlyk haky, täze şertnamanyň möhleti babatda täzeden gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Messi 2021-22-nji möwsümde “Barselona” toparyndan “PSŽ” toparyna geçipdi. Fransuz topary Messi bilen şertnamanyň möhletiniň uzadylmagy üçin gyzyklanma bildirýär.

Messiniň hem ýene-de birnäçe ýyl Ýewropada futbol oýnamaga isleg bildirýändigi bellenilýär. Şeýle hem Messiniň Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem çykyş etmegi dowam etdirmekçi bolýandygy aýdyldy.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy