JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda harby ýöriş geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň açylyş dabarasya görülýän taýýarlyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamyda ýolbaşçylara degişli görkezmeler berdi.

  • Wise-premýer H.Geldimyradowa ýerine ýetirilen işler üçin tölegleriň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
  • Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Atdaýewe ilata ýokary derejede hyzmatlary guramak üçin Arkadag şäheriniň Söwda müdiriýetini döretmegi tabşyrdy.
  • Döwlet Baştutanymyz wise-premýer N.Amannepesowa ýüzlenip, täze şäherde saglygy goraýyş we bilim ugurlary boýunça müdiriýetleri açmagy, mekdepleri we çagalar baglaryny ýokary derejeli mugallymlar, terbiýeçiler bilen üpjün etmegi, ähli bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagy tabşyrdy.
  • Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri “akylly” şäher bolmaly, şonuň üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe we wise-premýer N.Amannepesowa bu ýerde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi açmak tabşyryldy.
  • Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Mämmedowa Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň meýilnamasyny düzmegi, köçeleriň, meýdançalaryň we binalaryň sanawyny, olary bezemegiň şekillerini taýýarlamagy hem-de täze merkeziň Baş meýdançasynda baýramçylyk konsertini guramagy tabşyrdy.
  • Wise-premýer A.Ýazmyradowa täze şäherde we onuň daş-töwereginde agaç nahallaryny oturtmak boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.
  • Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyşynda dabaraly harby ýörişi geçirmek boýunça gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi

Seýşel adalarynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji sapary

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi