JEMGYÝET

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti geçiriler

Şu ýylyň 8-9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti geçiriler.

Bu sammite Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýokary derejedäki sammitiň gün tertibine laýyklykda söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag, aragatnaşyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygy guramanyň çäginde has-da giňeltmek, şeýle hem bu köptaraplaýyn gurluşyň işini pugtalandyrmak meselelerine serediler.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin ykdysady guramadyr. Ol Eýranyň, Pakistanyň hem-de Türkiýäniň arasynda 1977-nji ýylyň 12-nji martynda gol çekilen Izmir şertnamasyna laýyklykda döredilen ösüş üçin ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň hukuk oruntutarydyr.

1992-nji ýylda bu guramanyň agzalygyna 7 täze döwlet goşuldy. Olar – Gazagystan, Azerbaýjan, Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sammite gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler