JEMGYÝET

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň 4-6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu sergi uly ähmiýete eýe bolar.

Serginiň geçýän günlerinde Türkiýe Respublikasyna wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçiliklerini açyp görkezerler.

Related posts

Hepdelik täleýnama (22-28-fewral)

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi