JEMGYÝET

Meksika KONKAKAF Altyn Kubogyny gazandy

Futbol boýunça Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibleriň çempionaty bolan KONKAKAF Altyn Kubok ýaryşynda final duşuşygy geçirildi.  Ýagny finalda ABŞ bilen Meksikanyň ýygyndylary duşuşdylar.

Ýarym finalda ýer eýeleri ABŞ-nyň ýygyndysyna Gwatemalanyň milli toparyny  2-1 hasabynda utupdy.

Meksikanyň ýygyndysy bolsa ýarym finalda Gondurasyň milli toparyny Raul Himenesiň 50-nji minutdaky goly esasynda ýeňlişe sezewar etdi.

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirilen finalda Meksikanyň ýygyndysy ABŞ-nyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utup, bassyr 2-nji ýyl bu kubogy gazandy.

Ýeňiş gazanan toparda Raul Himenes we Edson Alwares tapawutlandy. Ýeňlen toparda Kris Riçards tapawutlanypdy.

Şeýlelikde, Meksika KONKAKAF Altyn Kubogyny 13-nji gezek gazandy we bu ugurda birinji orunda barýar. Kubogy iň köp gazanan ýygyndylaryň hatarynda ABŞ ikinji orunda barýar we 7 gezek bu kubogy gazandy.

KONKAKAF Altyn Kubogynyň nobatdakysy 2027-nji ýylda geçiriler.

Related posts

Putin 11-12-nji dekabrda Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Merkezi Aziýa + Hytaý” Sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

Presentation of the book “Turkmenistan – Heart of the Great Silk Road” was held in Istanbul

vepa