DÜNÝÄ

Ilon Mask syýasy partiýa döredýär

Dünýäniň iň baý adamy hasaplanýan, “Tesla” hem-de “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask “Amerika” atly syýasy partiýa döretmegi meýilleşdirýär. Bu babatda onuň ABŞ-nyň federal saýlaw toparyna (FEC) “Amerika” atly syýasy partýasyny bellige aldyrmak üçin arza bilen ýüz tutdy.

Bu barada degişli döwlet edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, partiýa “Amerika” (America Party, AMEP) adyna eýe bolar. Arza 6-njy iýulda iberildi.

5-nji iýulda Ilon Mask özüne degişli bolan “X” (ozalky “Twitter”) jemgyýetçilik torunda syýasy partiýa döretmek babatda pikir soraşma yglan etdi. Bu pikir soraşma jemgyýetçilik torundaky 1.2 million ulanyjy gatnaşyp, gatnaşyjylaryň 65.4 göterimi partiýanyň döredilmegi üçin çykyş etdi.

Related posts

Pakistanyň ozalky Prezidenti aradan çykdy

Nagt däl töleg etmek maslahat berilýär

Türkmenistanda we Eýranda atçylyk ýaryşlaryny guramak teklip edildi