DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjana sapary

Şu günler Azerbaýjan Respublikasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammiti geçiirlýär. Onuň çäklerinde “YHG-niň hepdeligi” geçirilip, bu hepdeligiň dowamynda gurama agza döwletleriň ilkinji gezek zenanlar forumy geçirildi. Şeýle hem işewürler maslahaty guraldy.

Bu sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti hem Azerbaýjanda saparda bolýar. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew sammite gatnaşan döwlet we hökümet Baştutanlaryny Agdam şäherindäki “Imaret” taryhy-binagärlik toplumynda kabul etdi.

Bu şäher Azerbaýjanyň Garabag sebitinde ýerleşýär. “Imaret” toplumynda Garabag hanlygynyň esaslandyryjysynyň kümmeti we köşgi ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem toplumyň çäklerinde Garabag atlarynyň toplumy hem-de interaktiw muzeý hem hereket edýär.

Döwlet we hökümet Baştutanlary toplumyň işleri bilen tanyşdylar hem-de myhmanlara garabagly atlaryň “Zafar” atly görkezme çykyşlary görkezildi.

 

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Irlandiýanyň we Şwesiýanyň ilçileri bilen duşuşdy

Kisida täzeden Premýer-ministrlige dalaşgär bolmaýar

Ata Watan Eserleri

Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi