SPORT

Ronaldo portugal tälimçi bellendi

Portugaliýaly Žorže Žezuş Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän “Al-Nasr” topary baş tälimçisi Stefani Pioli bilen şertnamasyny ýatyrdy. Ol 2024-nji ýylyň sentýabrynda bu wezipä bellenipdi.

70 ýaşyndaky Žezuş 2023-2025-nji ýyllarda Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparyna çälim berdi. Şol döwürde bu topar 3 gezek Saud Arabystanynyň Superkubogyny gazandy we bir gezek hem çempion boldy.

Portugal tälimçi Portugaliýanyň “Benfika” toparynda tälimçilik eden döwründe uly üstünlikler gazandy. Bu topar bilen 3 gezek çempion bolup, 5 gezek Superkubogy gazandy.

Şeýle hem ol Braziliýanyň “Flamengo”, Türkiýäniň “Fenerbahçe”, Portugaliýanyň “Sporting”, “Braga”, “Belenenseş” toparlaryna tälim berdi.

“Al-Nasr” toparynda golaýda şertnamasyny uzaldan Kristiano Ronaldo, Emerik Laport, Sadio Mane ýaly ýyldyz futbolçylar çykyş edýär.

Related posts

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

Dünýäniň iň güýçli 20 tennisçisiniň 7-si Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaz

Ata Watan Eserleri

“Real”-“Mançester Siti”: 3-3, “Arsenal” – “Bawariýa”:2-2