Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Sergide ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň hem-de jemgyýetiň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergide ýurdumyzda alnyp barylýan işleri, gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergini guramaga gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
