TEHNOLOGIÝA

Hytaýyň roboty Useýn Boltuň dünýä rekordyny täzeledi

Hytaýyň gumanoid roboty 100 metrlik türgenleşik ýaryşyny bary-ýogy 9,32 sekuntda tamamlap, adamlar tarapyndan goýlan dünýä rekordyndan hem ýokary netije görkezdi. Bu barada şenbe güni Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi.

“Lightning” diýlip atlandyrylýan robot pellehana ýamaýkaly Useýn Boltdan 0,26 sekunt çalt ýetdi. Useýn Bolt 2009-njy ýylda Berlinde geçirilen Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda 100 metri 9,58 sekuntda ylgap, dünýä rekordyny goýupdy.

“Lightning” roboty taýýarlyk ylgawy şenbe güni Pekinde açylan ikinji Bütindünýä gumanoid robotlar oýunlarynyň öňüsyrasynda geçirildi.

Bu sport çäresi özboluşly ýaryşlaryň biri bolup, onda esasan Hytaýyň tehnologiýa kompaniýalary we uniwersitet toparlary bir ýere jemlenip, robotlarynyň ýerine ýetirip bilýän dürli wezipelerini görkezýärler.

Hytaý robotlar pudagynda çalt öňe ilerleýär

Hytaýyň smartfon öndürijisi “Honor” tarapyndan işlenip düzülen “Lightning” roboty şu ýylyň aprel aýynda Pekinde geçirilen ýarym marafonda (21 kilometr) hem ýeňiş gazanyp, aralygy 50 minut 26 sekuntda tamamlady.

Bu görkeziji adamlar arasynda dünýä rekordynyň eýesi, ugandaly Ýakob Kiplimonyň netijesinden birnäçe minut çaltdy. Kiplimo şu ýylyň mart aýynda Lissabonda şol aralygy 57 minut 20 sekuntda geçipdi.

Related posts

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa