Hekaýa
Nodar DUMBADZE,
Gruzin ýazyjysy.
Gework daýy duýdansyz ýerinden turdy-da, çep elini çekgesine ýetirip haýy giden sesi bilen:
- Eşidýämiň, Mito, indi meňki gutardy öýdýän… – diýdi.
Soňra lampa oturyp, kellesini ýokary galdyrdy-da geň galmakdan ýaňa hanasyndan çykara gelen gözlerini asmana dikip öz ene dilinde «Astwas, inçu amar!» diýdi. Şu sözlerden soň elindäki çöpüni barmaklarynyň arasynda berk gysyp, çal aran kellesini küşt tagtasynyň üstüne egip, dünýe bilen hoşlaşdy…
***
Gework daýynyň ýaşy birçene barypdy. Ol biziň howlymyzdaky bir otaglyja jaýynda aýaly we gyzy bilen ýaşaýardy. Uruş ýyllarynyň yzysüre onuň üzümiň suwy ýaly owadan gyzy Nellini Trubka-Gogiýa diýen biri iki-üç sany bolup gelip Swanetskiý kwartalyndan alyp gaçdy. Ýagdaý kadalaşansoň Nelli dynç alyş günleri ene-atasyndan habar alyp durýardy. Şonda Anetta daýza bilen Gework daýy günuzyn agtyklaryny mähir bilen gurşap, gartaşýan gerdenlerine rahatlyk tapýardylar. Agşamlyk bolsa Nelli adamsynyň ýanyna gidýärdi.
Ejem ikimiz Gework daýy bilen hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýardyk. Haçan-da Trubka-Gogiýa dagy Nellini alyp gaçanda, biziň howlymyzda menden başga olaryň yzyndan kowalan bolmady. Meniň bu hereketim bir-ä bäbenegime gök düşürdi, birem iki ýola depgi astyna alynmagym bilen tamamlanypdy. Ýöne bu söweş meni Gework daýy bilen Anetta daýzaň çuň hormatyna mynasyp edipdi. Şol wakadan soň Gework daýy menden başga hiç kim bilen küşt oýnamady.
Küşt ýaryşy biziň aramyzda gündelik geçýärdi. Men hemişe aklar bilen oýnaýardym. Oýnuň düzgünine görä utulan iki çüýşe «saperawi» hem-de iýer-içer ýaly zat almalydy. Gework daýy her gün işden gelende naharlanyp, soňam mazaly ukusyny alardy. Oýanan mahaly bolsa, öýde geýýän ala geýminde gapa çykardy. Soňam kellesini ýokary göterip:
– Çuňňur hormatlanýan hanym Anika, siziň tentek ogluňyz Kapawlanka1 okuwdan geldimi? – diýip sorardy.
Ejem hysyrdanyp ýörşüne gürlemän başyny atardy. Bu onuň «geldi» diýdigidi.
– Eger ol adatdakylary ýaly döredijilikli zähmet bilen meşgullanmaýan bolsa ine, siziň goňşyňyz Botwinnik hormat bilen oňa özüniň gymmatly wagtynyň altyn gaznasyndan birnäçe minutyny sarp etjekdigini hem-de…
Ejem oň sözüni bölerdi:
– Bolýa-bolýa, diliňe dyngy ber! Aşa akyllysyrap gruzinçe «parsylaýançaň» iň bolmanda ermeniçe birki söz öwrenen bolsaň adam borduň, bu ýagdaýyňda ne gawun, ne mawun, kimdigiňi biler ýaly däl.
__________
- Ussat küştçi.
Soňam ejem maňa:
– Aşak düş, seni bikär ýoldaşyň çagyrýar! – diýerdi.
Dünýede Gework daýy ýaly süýji dilli we gürrüňçil adam ýokdy. Küşti biz onuň bolýan otagynyň gapysynyň öňünde oýnaýardyk. Men aşak düşüp, düzülip taýýar edilip goýlan küştüň başyna geçen dessime Gework daýa elimi uzadardym:
– Barow!1
Gework daýy jogap bermän, meniň ilki bolup göçüm etmegime garaşardy. Soňam jogap göçümini edip, ony kagyza bellärdi-de, meň bilen elleşip salamlaşardy.
– Salam! Daw-dawbase 2 etse bolýamy?
– Ýok!
– Goňşular, şaýat boluň, daw-dawbase bolmaýamyş! – diýip Gework daýy howlularynda öz işlerine gümra bolup ýören goňşularymyza ýüzlenerdi. Olaryň kabiri duýgudaşlyk bildirýän şekilde baş atardylar. Öňler goňşular bal arysynyň öýjügi ýaly daşymyzda üýşerdi, soň bolsa olar biziň soňsuz jedellerimiz zerarly dawa-jenjelli oýnumyzdan sowaşypdylar. Indi Gework daýy ikimiz bütin howluda özbaşdaklyga eýe bolup, bu ýagdaýdan lezzet alýardyk. Soňky sapar küşt oýnamyzda men:
– Ýoldaş Gework Artawazowiç, näme üçin siz göçümleriňizi ýazýaňyz? – diýip bahana agtaryp yrsarardym.
– Bolmalysy şeýledä!
– Ine men ýazamok ahyry?
– Senem ýaz!
– Men başaramok.
– Diýmek sen işi bişow adam. Hany, seňkini men ýazaýyn, sen bolsa atanak goý ýa-da barmagyňy bas.
– O nähili barmagyňy bas? Men näme tussagmy?
Gework daýynyň öz döwründe ýesirlikde bolanyny ýadyna salmak üçin men «tussag» sözüni bilgeşlinden hetjikläp aýtdym. Ýöne ony ýaman niýet bilen däl-de, tolgundyryp, ýalňyşlyk goýbermegi üçin ederdim. Çünki bu ýagdaý meniň utmagyma sebäp boljakdy.
– Ýeri-ýeri, maňkaly çaga, kakdyryp gürleme! Men seň ykdysadyýetden, meýilleşdirmeden, statistikadan, hukukdan, dialektiki materializmden alýan 2-likleriňi ýatladamoga!
Gework daýy barmaklaryny büküp, uniwersitetde geçilýän sapaklary sanaşdyrardy.
– Meniň ýyldan- ýyla nähili geçýänimi biler ýaly sen näme meň bilen bile bilim alýaňmy?
– Hut öz aýdyşyň ýaly – bilim alýan! – Gework daýy içýakgyç gülerdi.
– A sen bular ýaly bilimi nirede aldyň, ýesirlikdä däldirdä? – Men gözümi süzüp oňa serederdim.
– Haýsy ýesirlikde?
Gework daýy dişini gyjap gorkuly halda eýlesine-beýlesine garardy.
– Şol ýesirlikde! Nawtlugiden Rostowa çenli eliňi galdyryp «ura!» diýmegiň ýerine «Haýl
_____
1 Barow! – ermeni dilinde salam diýmek.
2 Daw- dawbase – nardy oýunda düzgüni iki-üç esse ýokarlandyrmak.
Gitler!» diýen sen dälmidiň eýsem?
– Gework, sen bir akylly adam. Bular ýaly agzyndan süýt ysy gitmedige üns berme, berseň ol senden bir şarpyjyk datmagy-da mümkin, bu bolsa saňa gelişenok. – Gework daýy öz-özüne duýduryş berip, göçüm ederdi. Şeýle ýagdaýda oň edýän göçümi meni ruhlandyrýardy.
– Ine saňa gerek bolsa göçüm! – Men kellämi tutan boldym.
– Ermenleriň göçümi! – diýip, Gework daýy kesgitleme berdi.
– Öz Watanyny satan adamdan men asyl başga zada garaşamogam…
Gework daýy tarsa ýerinden galdy.
– Gulak as ýigit, men nädip öz Watanymy satan bolýamyşym?
– Gitlere ýesir düşeniň üçin!
- Meň ýeke özüm düşüpmişim, şeýlemi?
- Sen günäňi başgalaň üstüne atma!
- Men beýlekiler bilen biledim ahyry! – Şah! – Maňa başga çykalga ýokdy. Eliňi ýygna, bu meň malym!
- A sen öňe çykyp «Ýoldaş Gitler, men bu gorkaklar bilen bile bolup biljek däl!» diýip bilmediňmi? Näme üçin «garde»1 etmeýäň ?
- Akmak, şa «garde» etmeýär… – Gework daýy ýerinde oturdy.
- «Men olar bilen bile bolup bilmeýärin» diýmeli ekeniň. – «Men öz gül açýan, owadan…».
- Bilýäňmi näme? Men seni şular ýaljakkaňam bilýärdim – diýip, Gework daýy külbikgesiniň ujyny görkezdi. – Elmydamada sen maýmyndyň, şu wagtam şo durkuň, üýtgän ýeriň ýok. Men Darwiniň ewolýusiýa teoriýasynyň ýüzüne tüýkürýän! Sen hiç mahal adama öwrülmersiň! Ine, sen munuň şeýlediginiň görkezme esbaby. Ol nämäniň ewolýusiýasymyş!
- Sen öz diwiziýaňa-da dönüklik etmediňmi?
- Ýok!
- Polkuňa-da, batalýonyňa-da, wzwoduňa-da?
– Gulak as adam, halys alyp ýataýdyň-la, eger men aldan bolsam, bir wagt juwan döwürlem gyzlary aldandyryn, düşündiňmi?
Men gaýduwsyzlyk bilen ýene hüjüme geçdim.
- Ýok, düşnüksiz!
Gework daýy:
- Anetta! – diýip gygyrdy. – Men belany başyma satyn alyp, bu deýýusy büre ýaly mynjyratmankam, iki çüýşe bilen örülen torbany daşary çykar!
_____
1Garde – küşt oýnunda perzä haýbat atmak.
- Ýene utuldyňmy? – diýip Anetta daýzanyň otagyndan gülküli sesi eşidildi.
Men:
– Gülüberiň, gülüberiň, biziň köçämizde-de toý bolar – diýip, abaý-syýasat etdim.
– Boljak toýa çenli arzyly Anettam, iki çüýşäni muň hasabyna örülen torba sal.
– Iki bolsun, bäş bolsun, barybir mende pul ýok! – diýip men ýerimden turmaga hyýallandym.
- Otur-r-r! – diýip, Gework daýy äpet ýumrugyny kelläme goýdy. – Näme sen meň adam öldürip, kazyýete çekilmegimi isleýäňmi?
- Beh, ýok diýdim-ä mende pul! Sen adam diline düşünýämiň? Sende ýürek diýen heý bir zat barmy beri?
- Çagam sen ýaly boljak bolsa men şobada ýoguna ýanardym. Anetta, bu aklyna ýetmedige meň hasabyma bir onlujak berip goýber… Rediskany «Klara Setkina» köçesinden, çöregi «25-nji fewral» köçesinden, meň eý görýän çöregimem arzan hem tagamly «Otellodan», «saperawi» çakyryny-da…
- Näme diýdiň? – diýip elini bykynyna urup Anetta daýza gapyň agzynda peýda boldy.
- Hiç zat, Anbetta jan, meň adymdan muňa on rubl karz ber diýýän… Meň hasabyma… – Gework daýyň sesi görnetin gowşady.
- Pyrryldakçy kezzaplar! Anetta Georgobiýanini çürkemekçi bolýaňyzmy? Hany, ýok boluň şu ýerden! Bolmasa menden zäher bilen hlorly simabyň awuly ak erginini içersiňiz! Görüň bu bir-birine eglişik edýän hilegär pyrryldakçylary! Ýanyňdaky hargulak haçaneýýämden bäri seň hasabyňa maňa 120 rubl bergili dälimdir eýsem!
- Goýsana, gymmatlym. Sen bizi nämede günäkärleýäň? – diýip Gework daýy geň galyjylyk bilen sorady.
Anetta daýza gaharly:
- Nämüçindä! Näme üçin ol ýeke gezek utmadygam bolsa, her sapar sen çakyr almaga gidýäsiň? – diýdi.
- Beh, näme tapawudy bar! Bar aýdaly, men utuldym we men çakyr almaga gitmeli, ýöne barybir oň puluny sen bermeli ahyry – diýip, Gework daýy janyndan syzdyryp düşündirdi.
- Hiç kimiň saňa puluň hasabyny we gadryny bilýän ermeni adamsy diýmäge dili barmaz. Bu nähili beýle bolýar-a, pul – meňki, çüýşe – meňki, garbak-gurbak – meňki, çakyry guýmalam ýene men, iýip-içmelem sizmi? – diýip Anetta daýza stoluň üstünde öňden taýýar edip goýan onlugy hem-de içi çüýşeli örülen torbany goýup, hut gözegçiniň peteksiz tramwaýa münen ýolagça seredişi ýaly nägilelik bilen seretdi. Gework daýy ikimiz utanç bilen kellämizi aşak egdik. Gework daýy maňa:
- Pikirini ýütgetmänkä bar tizräk git-de gel – diýip ýuwaşja pyşyrdady.
***
Çakyry biz hemişe öýde içerdik. Geň ýeri biz bu barada öz aramyzda şertleşmesegem ýa-da bu babatda bizi kimdir biri borçly etmese-de, haçan-da elimize gyzgylt reňki suwuklykly bulgury alanymyzda, aramyzda gaharly-nägilelikli sözler hut eliň aýasy bilen syrylan ýaly bolardy we biziň gürrüňdeşligimiz gaýgysyz, açyk göwünli, gülküli, arzuwçyl hem-de söýgüli söhbetlere ýazardy.
Bulgur göteriljek wagty ilkinji söz elbetde, Anetta daýza bilen meniň ejem üçin, soňra – garyndaşlar, soň – Gruziýa, yz ýanyndanam Ermenistanyň şanyna aýdylardy. Gework daýy Gruziýa barada gürrüňe başlanda aýratyn hyjuw bilen heserlenerdi:
– Meniň gadyrdan Mitom, siziň Gruziýaňyz gyzyl eýerli tohum ata meňzeýär. Siziň bagtyňyz üçin oňa çemenlik meýdanda ýer goýlupdyr, şonuň üçin-de her bir adamda ol ata münmek – şu toprakda bolmak höwesi döreýär. Bu asyrlarboýam şeýle bolupdy. Beýik Biribara şöhratlar bolsun, ol atyň howalasy belent! Şonuň üçin-de ol öz üstüne gabat geleni däl-de, diňe mynasyp adamlary mündirýär. Sen entek çaga, köp zady bilmeýäsiň, maňa bolsa öz asyrymda şular ýaly köp zatlary görmek miýesser etdi… Hawa, siziň Gruziýaňyz haýran galdyryjy ýurt, şoň üçin içeli!
Men mäme? Menem dilsiz-agyzsyz mahlyk dal-de, pikir öwrüp, gepläp bilýän adam ahyry! Bu ýagdaý meni Gework daýa Ermenistan barada haýsydyr bir ýakymly zat aýtmaga borçly edýär. Ýöne näme aýtjagymy bilmämsoň, gürrüňe başlamda sakowlamakdan ätiýaç edýärin.
- Gework daýy, älem-jahanda Ermenistandan ajaýyp ýurt ýok…
Gework daýyň ýüzünde ýylgyryş emele geldi.
- Haý, köpeý ogly diýsänim! Ermenistanda ýeke sapar bolup görmedik halyňa o zatlary sen nireden bilýäň?
- Bolmamda näme! Oňa garamazdan men o hakda okadym, eşitdim. Eçmiadziniňiziň bir özi nämä degmeýär! Adamzat nesliniň ikinji ömrüniň başlanan ýeri hasaplanýan Ararat dagy… – Şeý diýemde, Gework daýynyň ýaşdan dolan mawy gözleri hut zümerret ýaly şöhle saçýardy.
- Ýöne, bir ýetmezçiligi bar…
- Näme ýetmezçilik? – Gework daýy geň galyjylyk bilen elindäki bulguryny stoluň üstünde goýdy.
- Gework daýy, sizde deňiz ýok, deňiz! – Men pikirimi gamgyn ahwalda beýan etdim.
- Hawa, onyň-a dogry – Gework daýy uludan dem aldy.
- Zyýany ýok, oňa derek sizde deňze berimsiz Sewan bar! – Men Geworok daýyny ruhlandyrdym.
- Ýeke porty bolmadygyňam bir deňzi bolarmy?
- A siz port guruň-da, ony Sewanstopol diýip atlandyryň! Ana, boldy! – Men güldüm.
- Ýeri-ýeri, hany henek atmaňy bes et! – diýip Gework daýy duýduryş berip, ýürekden gülüp, nobatdaky tostuny aýtdy.
***
Men soňky döwürler sessiýa taýýarlyk görýärdim. Şonuň üçin-de Gework daýy bilen seýrek görüşýärdim. Soňky aýlarda bolsa ýa meniň üns bermezligim ýa-da onuň işiniň köplügi üçin, asla oň bilen didarlaşmaýardym.
Şeýle günleriň birinde öýde oturyp, ýer hukugy baradaky ýazgylaryma gümra bolup otyrdym. Ejem eýwanda öý işlerine mübtela bolup ýörşüne goňşularymyz bilen howlymyzda bolup geçýän täze wakalar bilen tanyşýardy. Birden meniň gulagyma Gework daýynyň ejemi çagyrýan sesi eşidildi. Şol wagt takmynan günorta sagat bir töweregidi. Men howly tarapa diňşirgendim.
- Hormatly Aniko, siziň Mituşaňyz öýdemi?
- Öýde, sessiýa taýýarlyk görýä.
- Eli boşaşan mahaly oňa bir minutjyk aşak düş diýip aýdýa diýiň – diýip Gework daýy ejeme haýyş etdi.
Ejem:
- Aşak düş, Gework daýyň ugry ýok ýaly-la – diýip seslendi.
– Näme üçin beýle pikir edýäsiň? – diýip men ýerimden turdum.
- Göwnüme bolmasa, ol maňa diýseň çynlakaý hem-de jebir çekýän halda ýüzlendi…
Men basgançakdan ylgap düşüp, gapysyny kakman Gework daýyň bolýan otagyna girdim. Ol küşt tagtasy düzülip goýlan stoluň başynda otyrdy. Ol ýerde Anetta daýza görünmeýärdi.
- Barow, Gework daýy!- diýip, men ýasama şadyýanlyk bilen salam berdim.
- Salam dostjan! Otur!- diýip ol birgeňsi ýylgyrdy. – Şu gün men aklar bilen oýnajak – özem konýak üçin! Utsam-utmasam-da ony özüm aljak. Razymyň? Içesim gelýä! – Ol jogabyma-da garaşman birinji göçümi etdi. Men:
– Razy! – diýip, göçüme başladym.
- Ýagdaýlar neneň? Sessiýaň nädýä?
- Taýýarlanýaryn… Sessiýa heniz başlanok.
- Ýeri, oň netijesi nähili bolar diýip oýlaýaň?
- Gework daýy, meň şygarym: 3-lik – baş saglyk!
– Gework daýy, näme üçin göçümleri belläňok? Ýa ýazmagy unutdyňmy? Näme üçin seň ala-böle konýakdan serhoş bolasyň geldi? «Saperawi» indi saňa täsir edenokmy ýa? – diýip, men ýaşuly bilen birneme bälçireşmek isledim. Ýöne oňa sereden dessime sesimi kesdim. Onuň ýüzi duw-akdan öçügsidi.
- Ýazmagyň hajaty ýok – diýip ol zor bilen ýylgyran boldy – A konýakdan içgili bolasym gelýäni – ol arwah-jynyň melhemi. Ol adamyň ýadyny mahrum edýä, çakyr bolsa… Çakyr – diýseň ajap, örän gowy içgi…
- Dogry! Çakyr bilen konýagyň arasy biziň Kuramyz bilen siziň Araradyňyz ýaly – diýip men tassykladym.
- Sen başgaça düşünýäň, oglum! Ýer bilen gögüň arasy ten bilen eşigiň arasy ýaly. Bu ýerde tapawudam ýok, aradaşlygam… Asman – Ýeriň eşigi, älem giňişligi. Biziň Ýerimiz – jahan giňişliginde. Älem-jahan – Taňry. Taňry diýmek näme? Taňry – bakylyk. Zeminde ýaşaýyş Taňrynyň özi tarapyn maddylaşdyrylýar. Düşnüklimi saňa?
Gework daýy başymy sypady.
Men şular ýaly düşnüksiz hem akylly gürrüňleri aýdýan Gework daýyny ilkinji sapar görýärdim.
– Ýok, men hiç zada düşünmedim Gework daýy!- diýip boýnuma aldym.
– Häzir düşünersiň!
Şol pursat men gözümi gyrpyp ýetişip-ýetişmänkäm küşt tagtasyndan pilim gürüm-jürüm boldy. Bu ahwala geňirgenip haýyş bilen ýüzlendim.
- Gework daýy, meň pilimi gaýtaryp ber!
- Bolýa, gaýtarjak. Bu gün günä geçişlik güni!
Gework daýy pilimi ýerinde goýdu-da, aram sesi bilen aýdym aýdyp başlady.
Çiçinadze, sen biziň durmuşymyzy gopguna berdiň,
Näme üçin, name maksat bilen Zages-i1 gurduň?
Şäherde garaňky köçe galmady,
Gyzlar, kereşmeler göýä bolmady…
Aýdym şeýle süýjüden owazly aýdylansoň men haýran galmakdan ýaňa agzymy öweldip galypdyryn. Men aýdym aýdýan Gework daýyny ilkinji sapar görýärdim.
- Bä-ä-ä… – Bu söz birden dilimden sypdy. Gework daýy hoşallyk bilen dillendi:
- Hä, ýaradymy?
- Hudaý ýaly aýdýarsyň, Gework daýy! Näme üçin sen şu wagta çenli beýle ussatlygyňy ýaşyryp gezdiň?
- Sen «Hudaý ýaly!» diýip gowy aýtdyň. Hüm-m.. ýöne Hudaýyň aýdymyny eşiden barmyka?
Men «Hakykatdan-da Hudaý aýdym aýtdymyka?» diýip oýa batdym-da, öz sowalyma özüm jogap berdim: bütin dünýä beýik Taňrynyň şöhratyny wasp edýärkä ol kim üçin aýdym aýtsyn!
Gework daýy:
– Eger-de Hudaý aýdym aýdýanam bolsa, tutuş ýer ýüzi üçin aýdýandyr.
– Nähili?
– Nähilisi şol. Eger Hudaý Ýer ýüzüni ýaradan bolsa, ol öz çagajyklary hakynda aýtmalydyra. Çagalary hüwdülemän ulaldyp bolmaz ahyry – diýip Gework daýy güldi. – Indi men nätmeli, seniň akmak şaňy almalymy ýa-da ony saňa sowgat etmelimi?
- Gework daýy, sen şu gün nirä gitdiň, işemi ýa ybadathana?
- Hä, näme? – Gework daýy ýüzüni çytdy.
- Şu gün sen iňňän paýhaslydan gamgyn.
_____
1Zages – Tbiliside Kuranyň kenarynda ýerleşýän şäherçe.
Gework daýy çilim otlandy-da, uzak mahallap dymyp, goýry tüssäiň ýaýraýşyny ünsli synlady. Soňam çilimini küldana basyp öçürdi-de, gamgyn halda gürläp ugrady.
- Şu gün meni ýene çagyrdylar…
- Nirä, Gework daýy?
- Beýläk…. – Gework daýy kellesini ýokary galdyrdy – Ýesirlik barada…
- Aý goýa, ol henizem gutaranokmy? – Men ünjä gitdim.
- Görnüşi ýaly gutarmadyga meňzeýä.
- Senden olara näme gerekkä?
- Olar maňa iki, ikem däl, üç günä bildirýäler. Birinjisi – «Näme üçin we nähili ýagdaýda men ýesirlige düşüpdirin», ikinjisi – «Näme üçin men öz janyma kast etmänmişim, üçünjisi – «Näme üçin men toparda aýdym aýdanmyşym».
– O nämäň topary? – Men haýran galyjylyk bilen soradym.
– Şeýtan bilsin! Haçan-da biz daş köwleýän ýerimizden möjek ýaly ýadaw halda gaýdyp gelýärkäk, rus ýigidi Kostýa Suworow ikimiz oglanlary ýadawlykdan halas etjek bolduk. Kostýa balalaýka çaldy, menem aýdym aýtdym.
Heý hop, heý hop,
Hanym totyguş.
Bir rubljyk eçil,
Janym totyguş…
Men muny rus ýigitleri üçin aýtdym, gruzinler üçin bolsa hol aradaky Zages hakyndaky aýdymy aýtdym. Ine haç, Hudaý görýändir, men nemesler üçin hiç haçan hiç hili aýdym aýtmandym. Ol deýýuslaň özleri biziň «Sulikomyzy» aýtdylar… Ine, indi bolsa wyždansyz yşarat maňa «Näme sebäbe görä sen nemesleň göwnüni hoşladyň» diýip azar berýä. Hamala men ýesir düşenimi ýaşyrýan ýaly! Bizi haryt ýüklenýän wagonlara dykdylar-da, bir ýerlerik äkitdiler. Aradan üç gün geçensoň düşürdiler. Baran ýerimizde görsek, töweregimiz nemeslerden doly. Ine, indi oňa nädip olara ýesir düşenimizi düşündirip bilseň düşündirdä! «Nämüçin özüňi ýoklamadyň» diýýä. Mende näme ýarag barmydy?! Bolaýanda-da özüňi ýoklamak aňsatdyr-ow!
Gework daýy ýene-de çilim otlandy. Oň elleri titreýärdi:
– Men ondan sen näçe ýaşyňda oglum diýip soradym.
- Kimden soradyň?
- Şol sülçi bolman geçenden…
- Onuň familiýasy näme?
- Ýadyma saljak bolaýyn… Ady bilen familiýas-a biledi…
- Aleksi Meşhişwilimi?
- Ýok…
- Gogiswanidzedimi?
- Ýok… Hä, ýadyma düşdi! Gigiberiýa!… Men ondan sen näçe ýaşyňda oglum, gaty çakgan we ykjam ýigide meňzeýäsiň diýip soradym… Ol «Bu seň işiň däl» diýdi. Soňam «Bu iş babatda üç günüň dowamynda gutarnykly jogap almasam, soňra özüňden gör!» diýidi.
- Seniňem kemiň ýok! Nämüçin bu zatlary maňa gürrüň berýäň? Oňa gürrüň bermeli ekeniňdä!
- Hm-m, hawa-la, oň maňlaýynda goçak harplar bilen «Girelge ýok!» diýlip ýazylan bolsa ýagşam bir aýdarsyň!
– Indiki ýola ol seni çagyranda, menem ýanyň bilen alyp git!
Gework daýynyň ýüzünde biygtyýar ýylgyryş emele egldi.
- Gülme, çynym bilen aýdýan, meni ýanyň bilen alyp git!
- Bolýa oglum, alyp gideýin, ýöne sen at bilen perzini ýerinde goý!
- Aý, ýok bolsunlar-la şular – diýip men çöpleri garyşdyryp goýberdim. Gework daýy olary ýene ýerli ýerinde goýdy.
- Görýän welin, utulyp barýanyňy bilip çöpleri garyşdyryp goýberdiň öýdýän. Ýüzüňi sallama! Biziň öňümizde ýene tegelek üç gün bar! – Gework daýy göçüm edip, ony belledi:
- Görýäňmi, men belledim, ýeri sen indi nämä garaşýaň?
Gework daýy birden janlanan ýaly boldy, gözi açyldygyça-da sesi batlanyp ugrady.
- Hany maňa aýt, ekzameniň nähili boldy? «Karl Marksyň «Kapitalyny» gruzin diline kim terjime etdi?» diýlende näme jogap berdiň? «Engelsmi?» Hany gürrüň ber, eşideli!
Gework daýy birdenem ýerinden galdy-da, çep elini çekgesine ýetirip haýy gaçan sesi bilen:
- Eşidýämiň, Mito, indi meňki gutardy öýdýän…– diýdi. Soňra bolsa lampa çöküp, kellesini ýokary galdyrdy-da, geň galmakdan ýaňa hanasyndan çykara gelen gözlerini asmana dikip öz ene dilinde «Astwas, inçu amar!» diýdi. Şu sözlerden soň ol elindäki çöpüni barmaklarynyň arasynda berk gysyp, çal aran kellesini küşt tagtasynyň üstüne egdi-de… garaşylmadyk ýagdaýda dünýe bilen hoşlaşdy…
***
Gework daýy 1950-nji ýylyň iýun aýynyň birinji sişenbesinde jaýlanmaly edildi. Şol gün günorta sagat 12 bolmanka eýýäm Ninoşwili köçesiniň ugry, ýollaryň çatrygy adamdan hyň berýärdi.
Men Dezert bazaryndan alan ak bägüllerim bilen merhumyň dogan-garyndaşlaryndan hyryn-dykyn bolup duran otaga girdim. Gülli çemen ýüzümi ýapyp duransoň birbada olar meni tanamadylar. Haçan-da tabyda eglip, gülleri Gework daýynyň aýakujyna goýup, göwrämi galdyranymda, otagyň içini dady-perýat eýeledi. Bu ýagdaýa ýüregim sarsyp saklanyp bilmän çaga ýaly möňňürip goýberdim…
- Gadyrdan kakam jan, görýäňmi, Mituşa seni nähili gowy görýär eken, ol saňa owadan bägülleri getiripdir!… – Bu Nelliniň sesidi.
- Bar, bar onuň ýanyna, meniň şowsuzym – diýip ýüzi gam bilen örtülen Anetta daýza maňa garap Nelliniň sözüni dowam etdi: – Sende hiç mahal talyp haky-da ýokdy, küştde-de hiç mahal utmaýadyň. Ana, indi seniň hormatly Gework daýyň-da ýok. Indi saňa hiç kim «küşt!» diýibem aýtmaz… Tur Gework, tur-da, mundan sora, haýsy pula ol munça güli satyn aldyka, men her bägüliň bazarda 3 rubldandygyny bilýän ahyry… Aýt ýigit, aýt Gework daýyňa, utanma…
Men Nelli bilen Anetta daýzany gujaklap, aglamakdan ýaňa pökgeren gözlerimiň ýaşyny sylyp howla çykdym.
Märeke öýlän sagat üçde gymyldap ugrady. Gapyň agzynda ýokary galdyrylan Gework daýy göründi. Adamlar ony göterseler-de misli onuň özi howada gaýyp barýan ýalydy.
- Kakam jan, gitme!- diýip Nelli ýalbaryp aglady.
- Meni taşlap gitme, Gework!- diýip Anetta daýzaň hünübirýan aglaýan sesi eşidildi.
Gölegçiler çep tarapa öwrülip, Wenerologiýa dispanseriniň gapdalyndan geçip gitdiler. Olar Konstitusiýa köçesine düşen dessine birden milisioneriň jürlewüginiň çirkin sesi töweregi gaplap aldy. Gölegçiler sakga aýak çekdiler.
- Näme boldy? – diýip matam dessuryna ýolbaşçy bolup barýan otstawkadaky polkownik Walerýan Gabisoniýa allaniçiksi boldy.
– Nirä barýaňyz? – diýip aňyrdan gelen murty tabamadyk ýaş milisioner azm bilen sorady. Onuň düýn-öňňun işe barandygy mese-mälim hemmelere aýan boldy.
- Şu mähelle bolmadyk bolsa men saňa nirä barylýanyny mazalyja düşündirerdim, akmak!… – Biz «toýa» barýas!…
Ýaş milisioner «Haýsy köçe bilen barýanyňyzy bilýäňizmi» diýmegiň ýerine «nira barýaňyz» diýip samsyklyk edenine düşünip howsala düşse-de, buýruk berijilik bilen:
- Häziriň özünde ýapyň! – diýdi.
- Näme?! – diýip, Gabisoniýa gaharlandy.
– Tabydyň gapagyny ýapyň!- diýip milisioner heserlendi. Kimdir biri:
- Ýapyň, ýapyň, şeýtseňiz Geworka süýji ýaşaýyş bilen aýrylyşmak ýeňil bolar – diýdi. Başga biri bolsa birden hahahaýlap goýberdi. Gölegçileriň ählisi oňa tarap gaharly seretdi.
- Zyýany ýok, bu kelesöwlik häzir geçer gider – diýip üçünji biri märekäni köşeşdirdi.
- Bolýa, bu gün geçsin. Ertir seni öz elim bilen polkownik Çelidzäniň ýanyna süýräp eltip, pogonyňy ýyrtdyryp, gulagyňy gopartdyrar-da, diliňi sowurdaryn. Ýadyňda bek belle! – diýip, Walerýan Gabisoniýa milisiýa haýbat atdy.
Gorkudanmy, kinedenmi, milisioneriň ýüzi ak tam boldy. Ol sesini çykarman hyrra yzyna öwrülip ol ýerden garasyny saýlady.
Tabydyň gapagy ýapyldy. Biz Kukiýskiý gonamçylygyna tarap ýöneldik. Şol ýyllar orkestrdir wenok götermek Tbilisiniň ýas dessuryndan galyp barýardy. Şol sebäpli ýas hataryndaky çensiz kän gülleriň arasynda ýekeje wenok bardy. Ony iki adam tabydyň yzyndan göterip gelýärdi. Onda: «Hormatly Gework Artowazowiçe Menoşwili köçesiniň zenanlarynyň adyndan» diýen ýürek gopduryjy sözler ýazylgydy.
Gework daýa mertebesine görä mynasyp hormat edildi. Adamlar onuň jesedini ahyrky ýolunda – Ninoşwili köçesinden Kukiýskiý gonamçylygyna çenli ellerinde göterip äkitdiler.
***
Merhumyň mazarynyň başynda üç adam – men we iki sany göriban galypdy. Olar işlerini tamamlap, pilleridir külüňlerini eginlerine atyp gaýtmakçy boldular. Men:
- Bir minut eglenseňizläň – diýip, mazaryň başujynda dyz epdim. Göribanlar bir-biriniň ýüzüne seredişdiler-de, gurallaryny goýup, sessiz-üýnsiz garşyma geçip oturdylar. Men torbamdan kolbasa, gara çörek, iki çüýşe konýak hem-de kiçeňräjik graňly bulgurjyklary çykardym.
- Sen kim bolarsyň? – diýip göribanlaryň biri sorady.
- Ykdysadyýet fakultetiniň 4-nji ýylynyň komsomol guramasynyň sekretary Dmitriý Waldimirowiç Darçiýa – diýip öçügsije ýylgyryş bilen jogap berdim.
- Men bu hakda soramok. Sen merhumyň nämesi bolýaň?
Men geplemän çüýşäň gapagyny açyp bulgurlary doldurdym.
- Oglumy?
- Ýok.
- Inisimi?
- Ýok.
- Ogullygymy?
- Ýok, olaryň hijisem däl, ýönekeý bergidar goňşusy…
Ikinji göriban:
- Görýän welin sen muňa gaty bergili öýdýän, muň aýaly, gyzy gaýtdy welin, sen galdyň – diýdi.
- Hawa, men munuň öňünde öwezini dolup bolmajak derejede bergidar. Meniň iň soňky sapar utulyşym ine şu iki çüýşe konýak bolupdy. Küşt oýnap otyrka ol şeýle bolly… Men bergimi töläp ýetişmedim… Ýogsa-da, seniň adyň näme?
- Meniň adym Artaş, muňky Tedo.
- Ine şeýle, men sizden doganlarça iň soňky bergimi töleşmäge kömek etmegiňizi soraýan.
Tedo:
- Elbetde, kömek ederis. Ýöne iki çüýşe konýak köp bolýa, serhoş bolarys. Birini içeliň, beýlekisini mazara guýalyň – diýdi.
Men:
- Munuň oňa näme peýdasy bar? – diýip soradym.
- Peýdasy bolar!… Hany, çüýşäni äber! – Ol çüýşäni aldy-da, ony lykyrdadyp mazara guýup boşatdy. – Merhumyň ady näme?
- Gework daýy.
– Kalbyňy rahatlandyr Gework daýy, şu konýagam Dmitriden kabul et!
Çüýşeden gulkuldap dökülýän altyn öwüşginli suwuklygy ýaňy üýşürilen mazaryň gumy özüne tizlik bilen siňdirdi.
- Äňet, merhum seniň bergiňi höwes bilen kabul etdi – diýip Tedo hoşallyk bilen boşan çüýşäni maňa uzatdy.
– Indi içeliň! – diýip, men olara teklip edip bulgurymy göterdim. – Men size bu adamyň öňünde bergilidigimi aýtdym, ýöne siz meň oňa pul bergim bardyr öýdäýmäň…
– Onda näme bergiň bar? – diýip Tedo geň galyjylyk bilen sorady.
- Söýgi! Ine – näme!
- Sen söýgi bilen töleýäňem-dä ine… – diýip, dymma Artaş özbaşyna hüňürdedi: – Ah, maňa-da şeýdip bergilerini töleseler bolmaýamy…
Men:
- Geworok daýy üçin! – diýip badany birdemde göterip, bulgurlary täzeden doldurdym.
Göribanlaryň ikisem birden:
- Hudaý oňa rahatlyk bersin! – diýip çokunyp, gezekli gezegine içdiler.
- Artaş – diýip men göribanyň ýüzüne garadym – Sen adyň bilen birlikde, ýüzüňem ermenä meňzäp dur. Sen ermeni dilini bilýämiň?
- Eýsem men başga hili bolup bilerinmi näme!? Diňe men däl, ine, Tedo-da ermeni dilini bilýä.
- Onda sen maňa dostlarça düşündir, ermeniçe «Hudaý» diýmek näme?
- Eh, komsomol, siziň gruzin dilinde Taňra şikaýat edýändigiňiz-de ýeterlik ahyry, indi oňa ermeni dilinde-de arzyňyz barmy? – diýip Artaş ýasama gülümsiredi.
- Goý, beýle däl. Haçan-da Gework daýy jan berjek mahaly Hudaýa ermeni dilnde bir zat diýen ýaly boldy…
- Ýeri ol näme diýdi? – diýip Artaş içgin gyzyklanma bilen biraz dyzyna galdy.
- Astwas, inçu amar!
- Hakykatdan-da şeý diýdimi? – diýip Artaş geň galyjylyk bilen gaýtadan Tedonyň ýüzüne garady.
- Bu näme diýildigi bolýa? – diýip, jogabyny eşidýänçäm meniň demim bogazymy gysdy.
Tedo ýuwaşja pyşyrdady:
- Eý Hudaý, bu ne beýle?..
Rus dilinden terjime eden: Atamyrat ŞAGULYÝEW.
(N.Dumbadzäniň «Zakon weçnosti» kitabyndan. Moskwa, «Hudožestwennaýa literatura», 1988).
