Özbegistan bilen Günorta Koreýa umumy bahasy takmynan 12 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan täze geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin taýýarladylar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Seula saparynyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Li Çže Mýon bilen gepleşik geçirdi. Taraplar özbek-koreý aýratyn strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň jemleri boýunça Koreýanyň “Eksimbanky” bilen 8 milliard dollarlyk strategik hyzmatdaşlyk maksatnamasy hem kabul edildi.
Gepleşikleriň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Özbegistanyň Prezidenti Günorta Koreýa bilen hyzmatdaşlygyň bäş ileri tutulýan ugruny kesgitledi. Olaryň hatarynda söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak, möhüm minerallar, ulag we infrastruktura pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bar.
Şeýle hem öňdebaryjy koreý tehnologiýalaryny Özbegistanyň tebigy serişdeler we senagat mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak arkaly innowasion we tehnologik bileleşigi döretmäge aýratyn üns berildi. Bu hyzmatdaşlygyň maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, lukmançylykda, saglygy goraýyşda we farmasewtika pudagynda ýokary we sanly tehnologiýalara gönükdirilmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda Özbegistanda koreý maýasy gatnaşmagyndaky 700-den gowrak bilelikdäki kärhana hereket edýär. Koreýanyň Özbegistanyň ykdysadyýetine gönüden-göni maýa goýumlarynyň umumy möçberi 8 milliard dollardan geçdi.
Taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda pudagara aragatnaşyklary giňeltmäge, bilelikdäki çäreleri geçirmäge we harby hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen harby-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny hem mälim etdiler.
Mundan başga-da, iki ýurduň liderleri ikinji sebitara forumy Samarkant şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.
Gepleşiklerde bilim we hünärmenleri taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Özbegistanda Günorta Koreýanyň uniwersitetleriniň dört sany şahamçasy, şeýle hem KOICA-nyň goldawy bilen döredilen bäş sany hünär okuw merkezi hereket edýär.
Taraplar şeýle hem 2027-nji ýyly “Medeniýet we özara alyş-çalyşlar ýyly” diýip yglan etmek we bilelikdäki medeni-gumanitar çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar.
