DÜNÝÄ

Astrahan-Türkmenbaşy ugry boýunça adaty uçar gatnawlaryny açmak teklip edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

TASS-yň habar bermegine görä, Igor Babuşkin Türkmenistanyň Prezidentine Astaran bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda yzygiderli awiagatnawlary açmak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

– “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň çäklerinde Aşgabatda şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Astrahan oblastynyň gubernatorynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Igor Babuşkin Türkmenistanyň Prezidentine ýakyn wagtda Astrahanda “Beýik Pýotr” kruiz gämisiniň suwa goýberiljekdigi barada habar berdi. Ol Hazar deňzinde hereket etmek üçin guruldy. Gubernator “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Astrahan-Türkmenbaşy ugyr boýunça adaty uçar gatnawlaryny açmak mümkinçiligini seretmegi teklip etdi – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Duşuşygyň çäklerinde ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Astrahanda Türkmenistandan 1 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu sebit geljekde-de Hazarýaka sebiti döwletleriniň hünärmenlerini taýýarlamak işine uly gyzyklanma bildirýär.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy