Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary hem-de “Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherine bardy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti irden döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Hormatly Prezidentimizi Aşgabadyň halkara howa menzilinden ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň uçary Seul şäheriniň hormatly myhmanlary kabul edýän halkara howa menziline gondy. Hormatly Prezidentimizi Seulyň halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň resmi adamlary garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyran bu döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täze sahypany açar.
Şeýle hem saparyň çäklerinde “Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa” ilkinji sammiti geçiriler. Oňa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşar.
