SPORT

Ronaldoly “Al-Nasr” möwsümdäki ilkinji ýeňlişine sezewar boldy

Bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi bolan portugaliýaly Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän «Al-Nasr» topary Saud Arabystanynyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Al-Ittihad» toparyndan 1:2 hasaby bilen utuldy we häzirki möwsümdäki ilkinji ýeňilişine uçrady.

41 ýaşly Ronaldo meýdançada tutuş duşuşygy geçirdi, ýöne netijeli görkezijiler bilen tapawutlanyp bilmedi.

«Al-Nasr» Saud Arabystanynyň häzirki çempionydyr. Häzirki çempionatda topar ilkinji dört duşuşygynda ýeňiş gazandy we 12 utuk bilen sanawda 2-nji orny eýeleýär. «Al-Ittihad» bolsa 11 utuk bilen 4-nji hatarda ýerleşýär.

Indiki tapgyrda «Al-Nasr» 9-njy sentýabrda öz meýdançasynda «Abha» toparyny kabul eder, «Al-Ittihad» bolsa 8-nji sentýabrda öz öýünde «Al-Fejha» topary bilen duşuşar.

Related posts

Türkmenistan bilen Russiýa ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Lionel Messi «Inter Maýami» toparyndaky 100-nji goluny geçirdi

Çempionlar Ligasynyň finaly 29-njy awgustda geçirilip bilner