DÜNÝÄ

Tramp: dünýä çempionaty 18 milliard dollardan gowrak girdeji getirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýurduň ykdysadyýetine 18 milliard dollardan gowrak girdeji getirendigini we 160 müňden gowrak adamy iş orny bilen üpjün edendigini tassyklaýar.

«Diňe futbol boýunça dünýä çempionatynyň özi biziň ykdysadyýetimize 18 milliard dollardan gowrak girdeji getirdi we 160 müňden gowrak adamy iş bilen üpjün etdi!» — diýip, Prezident Tramp «Truth Social» sosial torunda ýazdy.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirildi. 2026-njy ýylda oňa ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşdy. Mundan ozal Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino «Blue Sport» portalyna FIFA-nyň dünýä birinjiligine gatnaşýan toparlaryň sanyny 64-e çenli köpeltmek mümkinçiligine seredip biljekdigini habar beripdi.

Related posts

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistan bilen Russiýa ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň Prezidenti BAE resmi sapar bilen çagyryldy