SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň ikinji sanjymy hasaba alyndy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ikinji koronawirus sanjymynyň Russiýada hasaba alyndy — diýip, “dunya.com” saýtynda habar berildi. Saýtda bu barada şeýle beýan edilýär. Russiýadaky “Wektor” gözleg merkezi tarapyndan hasaba alnan täze sanjymyň ady “EpiVakKorona” diýlip kesgitlenildi.

Öň Russiýada Gamaleýa gözleg instituty tarapyndan işlenip düzülen ilkinji rus koronawirus sanjymyny 11-nji awgustda hasaba alyndy.

Russiýa halkara gatnawlaryny artdyrýar

Beýleki tarapdan, Russiýa pandemiýa sebäpli ýatyrylan käbir halkara gatnawlaryny täzeden başlaýar. Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň karary bilen Serbiýa, Kuba we Ýaponiýa özara gatnawlar ýene başlar. Şeýle hem Russiýadan Belarusa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirliklerine uçuşlaryň sanynyň özara köpelendigi habar berildi.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Related posts

Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçar gatnawlaryň sany artdyryldy

Ata Watan Eserleri

“Laçyn syry” – ýüzler üçin täsirli we tebigy melhem

Ata Watan Eserleri

PSR barlagy hökmany boldy