SPORT

Oliç SSKA toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

Şu ýylyň aprel aýynda Russiýanyň SSKA toparynyň tälimçisi wezipesine bellenen Iwisa Oliç bu wezipesinden boşadyldy. Rus toparynyň bäş tälimçisi wezipesini wagtlaýynça Alekseý Berezuskiý alyp barar.

41 ýaşly Oliç bilen hyzmatdaşlygyň bes edilmegi babatda hiç hili maglumat berilmedi. Horwatiýaly tälimçi aprel aýynda wezipä bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 9 duşuşyga çykdy we 4 ýeňiň gazanyp, 4 ýounda hem utuldy.

Umuman, Russiýanyň futbol çempionatynda SSKA topary 6-njy orny eýeledi we 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Ýewropanyň öňdebayrjy futbol ýaryşlaryna gatnaşmakdan mahrum galdy.

Oliç täzeden Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy. Ol ozal hem milli ýygyndynyň düzüminde baş tälimçiniň kömekçi bolupdy.

 

Ýewro-2020: 16-njy iýunyň duşuşyklary

Related posts

Katar-2022: ozalky çempion ynamly ýeňiş bilen başlady

Katarly şeýhler Russiýa aralaşýar

Ata Watan Eserleri

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri