SPORT

Boksçy Maýweýzer “Nýukasl” futbol topary bilen gyzyklanýar

8-nji martda dünýä belli boksçy Floýd Maýweýzer “Nýukasl” futbol toparynyñ janköýerleri bilen duşuşdy. Floýd: “Biz Amerikada futbola sokker diýip ýüzlenýäris” diýdi. “Eger-de adamlar meniñ “Nýukasl” futbol toparyny satyn almagymy isleseler, onda maña habar beriñ” diýip, amerikaly boksçy Floýd Maýweýzer belläp geçýär we bu topar bilen içgin gyzyklanýandygyny aýtdy.

Golaýda “Nýukasl” topary satlyga çykaryljaklygy we onuñ bahasy 340 million funta barabar boljakdygyny bellediler. Bular ýaly nyrhy Saud Arabystanynyň maýadarlarynyň harçlajakdyklaryny aýtdylar. Häzirki günlerde topara britaniýaly magnat Maýk Eşli ýolbaşçylyk edýär, iki ýyl mundan ozal, Eşli bu topary satlyga çykarypdy. Soñky günlerde toparyň satylmagy has-da uly gyzyklanma eýe boldy.

Related posts

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy

Sport janköýerlerine ýene-de bir “El-Klasiko” garaşýar

Tennisiň şasy Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaýar