JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: dünýä çempiony ýeňiş bilen başlady

Düýn futbol boýunça Ýewropa çempionatynda ähli toparlardaky ilkinji duşuşyklar tamamlandy. “F” toparynyň duşuşyklarynda dünýäniň çempiony Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen Germaniýanyň milli ýygyndylar duşuşdy.

Fransiýa 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny germaniýaly Mats Hummels öz derwezesine gönükdirdi. Şeýlelikde, germanlar Ýewropa çempionatynyň başlangyç duşuşygynda ilkinji gezek ýeňildiler. Duşuşygyň iň gowy futbolçysy höňkmünde Pol Pogba saýlandy.

Şeýlelikde, “F” toparynda Portugaliýanyň 3 we Fransiýanyň utugy, Germaniýa bilen Wengriýanyň bolsa 0 utugy bar.

Birinji duşuşyklaryň netijeleri boýunça iň köp gol geçiren futbolçylar sanawynda Ronaldo, Lukaku we Şik öz orunlaryny aldy. Bu futbolçylar 2 gezek tapawutlandylar.

Şu gün bolsa çempionatyň toparlarynda 2-nji duşuşyklar başlaýar.

 

Ýewro-2020: Ronaldo rekordlar bilen başlady

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi