TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” kompaniýasy täze ýelpewaç enjamyny döretdi

“Xiaomi” şereketi “Youpin” kompaniýasynyñ hemaýat bermeginde “Daewoo F9 Bladeless” atly howpsyz ýelpewaç döretdi. Aslynda ýelpewajyñ aýlanýan enjamlary bar, ýöne olar enjamyñ aşak böleginde ýerleşýär, howany bolsa ýokarky böleginden çykarýar. Bu enjam daşky görnüşi bilen örän owadan, otaglaryñyzyñ görküne has hem owadanlyk berip biler. Ýelpewaç enjamynyñ  kuwwaty 9 geçiriji tizliklerden ybaratdyr.

Birinji 3 tizlik geçirijisi ýaýla şemalyny berer.  4-6 tizlik geçiriji aralygy daglyk jeññelini ýatladar.  7-9 tizlik geçirijisi aralygy umman şemaly bilen otaglarymyzy howalandyrar. “Daewoo F9 Bladeless” ýelpewajy 60 dereje çepe hem saga egrelip bilýär we enjamy ýokary we aşak üýtgedip bolýar. Şeýle hem täze ýelpewaçyñ daşynda düwmeler ýerleşdirilen we daş aralykdan üýtgetmek üçin pult enjamy bilen ýeñilleşdirilendir.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar