SPORT

Özbek futbolçysy Italiýada oýnar

Russiýanyň futbol çempionatynda çykyş edýän “Rostow” toparynyň hüjümçisi Eldor Şomurodow Italiýanyň “Genoa” toparyna resmi taýdan transfer edildi. “Rostow” toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, italýan topary bilen özbek hüjümçisini transfer etmek barada ylalaşyk gazanyldy diýip, habar berilýär. 25 ýaşly futbolçy “Genoa” topary bilen dört ýyllyk şertnama baglaşjakdygy habar berildi.

Şertnama 9 million ýewrodan ybarat bolar. Şeýle hem “Rostow” toparynyň oýunçynyň indiki satuwyndan 15% göterim gazanyp biljekdigini mälim edildi. Eldor Şamurodow “Rostow” toparynda 2017-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Şomurodow “Rostow” arenasyna we “Rostow” türgenleşik meýdançasyna baryp, topar bilen hoşlaşdy, şeýle hem toparyň prezidenti bilen ýatdan çykmajak sowgatlar alyşdy. Şomurodow “Rostow” üçin ilkinji geçiren pökgüsini özi bilen Italiýa döwletine alyp gider.

Häzirki möwsümde Şomurodow ähli ýaryşlarda 9 oýunda oýnap, 1 gezek ýardam pasyny we 1 gezek gol geçirmegi başardy. 2019/20 möwsüminde Şomurodow 11 gezek tapawutlanyp,, Russiýanyň Premýer ligasynda iň köp gol geçirenleriň sanawynda 7-nji orny eýeläpdi.

 

 

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

“Şahtýor” 16-njy gezek Ukrainanyň çempiony boldy