SPORT

Ronaldo taryhdaky ilkinji milliarder futbolcy boldy

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak baýlygy bolan ilkinji futbolçy boldy diýip, “Bloomberg” habar berýär.

Geçen tomus 40 ýaşly oýunçy “Al-Nasr” topary bilen möçberi $400 milliondan gowrak bolan täze şertnama baglaşdy. Mahabat şertnamalaryndan alýan girdejilerini hasaba almak bilen, Ronaldonyň baýlygy $1,4 milliard dollara deňelýär.

Ronaldo bäş gezek “Altyn topuň” eýesi, bäş gezek Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi, Ýewropa çempiony, iki gezek Milletler Ligasynyň ýeňijisi, milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar Ligasynyň, Klublar dünýä çempionatynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçysydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew WBC Eurasia çempiony boldy

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy