SPORT

Habib yzyna dolanýarmy?

UFC başa-baş söweş sungatlary guramasynyň ozalky pälwany Habib Nurmagomedow yzyna dolanýarmy? Dana Uaýta gulak assaň-a bu şeýle. Ol ýakynda geçiren metbugat maslahatlarynyň birinde bu barada şeýle diýdi:

«Habar geljek hepdede UFC 257-niň çäginde Konor bilen Pýureniň we Çendler bilen Hukeriň tuluşyklaryna tomaşa eder. Eger olar nähilidir bir ukyp bilen haýran galdyryp bilseler, onda Habibiň ýene-de yzyna dolanmagy mümkin».

Şeýle hem bilermenler Habib Nurmagomedowyň çempionlyk guşagyny goramak üçin ýene-de UFC-e dolanjakdygyna bil baglaýarlar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl soňky tutuşygyndan soňra karýerasyny tamamlaýandygyny yglan edipdi.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Related posts

Ýewro-2020: rekordlar we sanlar

“Arkadag” topary uly hasaply ýeňiş gazandy

Türkmenistan bilen Russiýa ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer