SPORT

Russiýanyň futbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna halkara ýaryşlara gatnaşmak mümkinçiligi döredildi. Bu ýurduň ýygyndysy iýun aýynda Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Futbol Federasiýasy habar berýär.

– Russiýanyň ýygyndysy CAFA-nyň birinji çempionatyna gatnaşar – diýlip metbugat beýannamasynda bellenilýär. Bu ýaryşa assosiasiýa agza ýurtlaryň milli ýygyndylary – Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň milli ýygyndylary gatnaşýar. 

Russiýanyň ýygynydysy bu ýaryşa gatnaşmak baradaky teklibi makullady. Şeýle hem guramaçylar bu ýaryşa Aziýanyň ýene-de bir ýurduny çagyrmagy meýilleşdirýär. Onuň hem Tailand bolmagy mümkin. Sebäbi Tailandyň ýygyndysy oňa gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.

8 ýygynda 2 toparça bölüner we her ýygyndy öz toparçasynda azyndan 3 duşuşyk geçirer. Her toparçada birinji bolan ýygyndylar final duşuşygyna gatnaşar. Toparça ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa, 3-nji ýer üçin bäsleşer. Bu çempionat 9-21-nji iýun aralygynda Bişkek we Daşkent şäherlerine geçiriler.

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 2014-nji ýylda döredildi. Şol bir wagtda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň 5 sebit assosiasiýasynyň biridir.

Related posts

Taryhdaky iň gymmat Olimpiýa oýunlary

Garet Beýl “Kardiff Siti” futbol toparyny satyn almak isleýär

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment