SPORT

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionaty gyzykly duşuşyklary bilen dowam edýär. Toparçalardaky 3-nji duşuşyklara badalga berildi. Şoňa laýyklykda, “A” toparçasyndaky duşuşyklar tamamlandy.

Bu toparda ýer eýeleri Katar, Niderlandlar Patyşalygy, Senegal we Ekwador bäsleşdi. 3-nji duşuşyklaryň netijeleri boýunça Niderlandlar Patyşalygy 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Senegal 6 utuk bilen 2-nji, Ekwador 4 utuk bilen 3-nji orny eýelän bolsa, dünýä çempionatyny gurnaýan Kataryň ýygyndysy bolsa, 0 utuk bilen çempionaty tamamlady.

Niderlandlar 3-nji duşuşygynda Kataryň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş gazanan ýygyndydan Gapko we De Ýong tapawutlandy.

Senagal bilen Ekwadoryň duşuşygy bolsa has gyzykly boldy. Ekwadora 1 utuk yeterlikdi. Senegal bolsa indiki tapgyra çykmak üçin diňe ýeňiş gazanmalydyr. Şonuň üçin Senagal duşuşygyň 1-nji ýarymynda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyň öňe saýlandy.

Ikinji ýarymynda Ekwador 67-nji minutda Kaýsedonyň goly bilen hasaby deňledi we indiki tapgyra çykmak üçin gowy mümkinçilik aldy.

Ýöne Senegal bu goldan 3 minutdan soňra, ýagny 70-nji minutda Kulibaliniň goly bilen hasaby 2:1-e ýetirdi we ýeňiş gazanyp, indiki tapgyra çykdy.

Şeýlelikde, Fransiýadan, Braziliýadan we Portugaliýadan soňra Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy.

Related posts

Dünýä çempionaty 39 gün dowam eder

Ispaniýanyň milli ýygyndysy 41 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär

Messi Amerikanyň Çempionlar ligasynda kuboksyz galdy

Leave a Comment