JEMGYÝET

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň mart aýynyň 3-5-i aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisi hem-de türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Söwda-senagat edarasyna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine 2024-nji ýylyň mart aýynyň 3-5-i aralygynda owgan harytlarynyň sergisini hem-de türkmen-owgan işewürler maslahatyny ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, şu gün Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Ham Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Owgan wekiliýetiň düzüminde Dag-magdan we senagaty we nebit ministrliginiň, “Da Afghanistan Breshna Sherkat” energetika kompaniýasynyň hem-de Demirýol müdirliginiň wekilleri bar.

Related posts

Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi

Türkiýe Bilim Geňeşligi resminamalarynda online nobat başlaýar

vepa

Adam atlarynyň manysy 11-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri