SPORT

AFK-nyň Çempionlar ligasy: “Ahal”-“Al-Feiha” duşuşýar

Türkmenistanyň çempiony “Ahal” 2023/24 AFK Çempionlar ligasynda Saud Arabystanyň kubogynyň ýeňijisi “Al Feiha” bilen duşuşar. Bu oýun 19-njy sentýabrda “Aşgabat” stadionynda ýerli wagt bilen 21: 00-da başlar. Bu barada Halkara Habarlar merkezi habar berýär.

AFK Çempionlar ligasynyň bije çekmek dabarasynyň netijelerine görä, FK “Ahal” A toparçasyna düşdi. Bu toparçada klubyň futbolçylarynyň bäsdeşleri – “Pahtakor” (Özbegistan), “Al-Feýha” (Saud Arabystany) we “Al-Aýn” (BAE) klublarydyr.

Aziýanyň naýbaşy klub arasyndaky ýaryşynyň toparlaýyn tapgyry 18-nji sentýabrdan 13-nji dekabr aralygynda dowam eder. Ähli toparlar öz öýlerinde we myhmançylykda üç duşuşyk geçirer. Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowy 3 topar 1/8 finala çykarlar. Final duşuşyklary 2024-nji ýylyň 11-nji we 18-nji maýynda geçiriler.

2023/24 AFK Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan klub 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşar we indiki ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy