DÜNÝÄ

Gyrgyzystanda prezident saýlawlary 2027-nji ýylda geçiriler

Gyrgyzystanyň parlamenti nobatdaky prezident saýlawlaryny 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna belledi.

Gyrgyz metbugatynyň habar bermegine görä, prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky karary mejlise gatnaşan 86 deputatyň ählisi goldady.

Gyrgyzystanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, prezident saýlawlarynyň senesini kesgitlemek ygtyýarlygy parlamente degişlidir.

Saýlawlar baradaky hereket edýän konstitusion kanuna laýyklykda, nobatdaky prezident saýlawlary döwlet baştutanynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýan ýylynyň ýanwar aýynyň dördünji çarşenbesinde geçirilmelidir. Saýlawlaryň senesi ses beriljek güne azyndan dört aý galanda parlament tarapyndan kesgitlenýär.

Şeýlelikde, Gyrgyzystanda nobatdaky prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçiriler.

Related posts

«Ajaýyp Hytaý: sungat gözelligindäki Sinszýan» atly sergisi açyldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Türkiýe Türkmenistanyň üsti bilen yzygiderli konteýner otlularyny işe girizer

Germaniýada täze hökümet düzülermi?