DÜNÝÄ

BAE bildirilen ynsanperwerlik üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna hatlary ýollady.

Hatlarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň adyndan “2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda BAE-niň awiakompaniýasynyň birnäçe gatnawlarynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde mejbury gonmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň ýolbaşçylygy tarapyndan bildirilen asylly hyzmatdaşlyk we adamkärçilikli goldaw üçin çuňňur minnetdarlyk bildirilýär. Garaşylan birnäçe sagadyň dowamynda agzalan gatnawlaryň ýolagçylarynyň myhmansöýerlik bilen kabul edilmegi hem-de olaryň zerur bolan ähli zatlar, şol sanda iýmit we suw bilen üpjün edilmegi bizde uly täsir galdyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna mahsus bolan asylly ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy… ”.

Şeýle-de hatlarda bu asylly işiň iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň çuňlugyny hem-de raýdaşlygyň we özara goldawyň hakyky ruhuny şöhlelendirýändigi barada bellenilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary