DÜNÝÄ

Germaniýa Hytaý bilen ýük gatnawlaryny dikelder

Germaniýanyň «Lufthansa» awiakompaniýasy ýurduň paýtagty Berlinden Pekine we Şanhaýa ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlamagy meýilleşdirýär.

Kompaniýa özüniň Hytaýdaky şahamçasyndan Şanhaý şäherine her gün üç, Pekine iki gatnawda ýük daşamak boýunça tabşyryklary aldy. Şeýlelikde, bu uçarlar arkaly Germaniýa ― Hytaý aralygynda her gün 125 tonna golaý ýük daşalar.

Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda gaýtadan dikeldilen ilkinji gatnawlaryň biri boljak bu uçuşlaryň esasy ýüki lukmançylyk enjamlary bolar.

 

Related posts

Lapis Lazuli projesiyle ilk yük taşınacak

vepa

Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistan bilen Gazagystan hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri