DÜNÝÄ

Türkmenistanyň medeniýet ministri ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabry – 13-nji noýabry aralygynda Samarkant şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESCO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisine Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Maslahatyň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili M.Çaryýew we Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow gatnaşdy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, bölümçelerde ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, parahatçylygy we jemgyýetçilik bitewiligini berkitmek, sanly eýýamda medeniýetleri birleşdirmek, durnukly syýahatçylygy we mirasy gorap saklamagy ösdürmek, şeýle hem milli toparlaryň arasynda gatnaşyklary we tejribe alşygyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş edip, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işiniň möhüm ugurlaryny we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işine işjeň gatnaşmagynyň halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de bilim, ylym, medeniýet we aragatnaşyk ýaly ugurlarda umumy maksatlary ilerletmäge goşant goşýandygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy