DÜNÝÄ

Narendra Modi 3-nji gezek Hindistanyň Premýer-ministri boldy

Hin­dis­tan­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da Prem­ýer-mi­nist­r Na­rend­ra Mo­di­niň bi­le­le­şi­gi ýeňiş ga­zan­dy. Mo­di­niň «Hin­di halk par­ti­ýa­sy» (Bha­ra­ti­ýa Ja­na­ta Par­ti) ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­lyk edil­ýän Mil­li de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi ýurt­da ge­çi­ri­len äh­lu­mu­my saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­rin­den soň par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­syn­da­ky orun­la­ryň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny al­dy.

Bu saýlawlarda ýeňiş gazanan Premýer-ministr Narendra Modi 3-nji gezek bu wezipesi üçin kasama kabul etdi. Kasam kabul ediş dabarasy Hindistanyň teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezildi.

Narendra Modini kasam kabul etmek üçin Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmu getirdi. Modi Hindistanda 3-nji gezek yzly-yzyna Premýer-ministr wezipesine saýlanan 2-nji syýasatçy  boldy. Mundan ozal, bu görkezijä Hindistanyň birinji Premýer-ministri Jawaharlal Neru eýe bolupdy.

73 ýaşyndaky Modi bilen bir hatarda Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalary hem kasam kabul etdi.

Bu dabara 8 müň myhman gatnaşdy. Ýokary derejeli myhmanlaryň hatarynda Hindistanyň goňşy sebitindäki ýurtlaryň ýolbaşçylary – Bangladeşiň Premýer-ministri Şeýh Hasina, Butanyň hökümet başlygy Sering Tobgeý, Mawrikiýanyň Premýer-ministri Prawind Jagnot, Maldiwleriň Prezidenti Mohamed Muizzy, Nepalyň Premýer-ministri Puşpa Kamal Dahal, Seýşel adalarynyň wise-prezidnti Ahmed Afif, Şri-Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe gatnaşdy.

Related posts

Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Sanayi alanında atamalar gerçekleşti

vepa

24 metrlik Täze ýyl arçasy Nýu-Ýorka getirildi