DÜNÝÄ

Eýranda prezident saýlawlary: 6 dalaşgär bäsleşer

Şu ýylyň 28-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynda geçiriljek nobatdan daşary prezident saýlawlarda 6 dalaşgär bäsleşer. Bu barada Eýranyň “IRNA” habarlar gullugy habar berýär.

Habar berilmegine görä, Mejlisiň başlygy Mohammad Bager Galibaf, Tähranyň häkimi Alireza Zakani, Ruhy lideriň Howpsuzlyk geňeşindäki wekili Said Jalili, şeýle hem parlamentiň deputaty Masud Pezeşkiýan, ozalky prokuror Mustafa Pirmohammadi we wise-prezident Gazizade Haşemi saýlawlarda bäsleşer.

Şeýlelikde, ozalky parlament ýolbaşçysy Ali Larijani we ýurduň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň dalaşgärligi kabul edilmedi.

Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy bilen ýurtda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny geçirmek bellenilipdi. Saýlawlar üçin 80 dalaşgär dalaşgärligini hödürledi. Ýurduň Konstitusiýany goragçylar geňeşi tarapyndan 6 dalaşgär saýlanyp alyndy.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy